2 Şubat 2011 Çarşamba

Söýgi

men her gün irden bu ýolyn başyna gelýan
geçjeksin diyip barden
garaşýan, garaşýan we garaşýan...

daşda görünende
kapasyna sygmaz ýüregim,
läleler açýar içimde...
anladyp bolmaz ýylylyk dolaýar bedenimi
depeden dyrnaga ýanýaryn...
ýolda kim bar kim yok görmeýän, görüp bilemok.
agaçlary görüp bilemok
we sen ýakynlaşanynda
donýar ganym, donýar hyýalym
donýar janym...

geçip gidersin,
bar bolsam da bolmasam da
hasap etmez sen, dünýä
ýa-da güneş

öýüme dolananymda
ep esli dolaryn özlügimde...
sebep bar yene
garanky we soğuk gijeni ätlätmägä
bir sebep yene ertire çykma,
yene ylgaýaryn ertiri irden
şol bir ýolun başyna

Terjime: Atajan Ýusupov

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder