Söýgi
men her gün irden bu ýolyn başyna gelýan
geçjeksin diyip barden
garaşýan, garaşýan we garaşýan...
daşda görünende
kapasyna sygmaz ýüregim,
läleler açýar içimde...
anladyp bolmaz ýylylyk dolaýar bedenimi
depeden dyrnaga ýanýaryn...
ýolda kim bar kim yok görmeýän, görüp bilemok.
agaçlary görüp bilemok
we sen ýakynlaşanynda
donýar ganym, donýar hyýalym
donýar janym...
geçip gidersin,
bar bolsam da bolmasam da
hasap etmez sen, dünýä
ýa-da güneş
öýüme dolananymda
ep esli dolaryn özlügimde...
sebep bar yene
garanky we soğuk gijeni ätlätmägä
bir sebep yene ertire çykma,
yene ylgaýaryn ertiri irden
şol bir ýolun başyna
Türkçeden terjime: Atajan Ýusupov
geçjeksin diyip barden
garaşýan, garaşýan we garaşýan...
daşda görünende
kapasyna sygmaz ýüregim,
läleler açýar içimde...
anladyp bolmaz ýylylyk dolaýar bedenimi
depeden dyrnaga ýanýaryn...
ýolda kim bar kim yok görmeýän, görüp bilemok.
agaçlary görüp bilemok
we sen ýakynlaşanynda
donýar ganym, donýar hyýalym
donýar janym...
geçip gidersin,
bar bolsam da bolmasam da
hasap etmez sen, dünýä
ýa-da güneş
öýüme dolananymda
ep esli dolaryn özlügimde...
sebep bar yene
garanky we soğuk gijeni ätlätmägä
bir sebep yene ertire çykma,
yene ylgaýaryn ertiri irden
şol bir ýolun başyna
Türkçeden terjime: Atajan Ýusupov
1963 ýylynyň Dekabr aýynda Giresunda dünýä indi. Başlangyç we orta mekdebi Federatiw Germaniýada, leseýi bolsa Stabulda gutardy. Bogaziçi Uniwersiteti, Stambul Tehniki Uniwersitesi, Anadoly Uniwersiteti we Rutgers Uniwersitetinde inźenerçilik, robotik, dolandyryş bilimi we işletme okady. Her dürli pudaklarda dolandyryjy bolup işledi. Özbegistandaky Namangan Inźenerçilik Mugallymçylyk Institutynda mugallym bolum zahmet çekdi. Gysgaja, Germaniỳada ulaldy, Türkiýede okady, Amerikada ýazdy we Özbegistanda işledi. Gysga bir wagt öň Türkiýä dolandy. Şu wagt tehniki pudakda dolandyryjy bolup işläp gelýär.
Iň başda “Mavera”, “Kırağı”, “Harman”,
“Endülüs”, “Vahdet”, “Zaman”, “Al-Ahram Weekly”, “Impact”, “Das Licht” we “Yosh
Kuch” ýaly, Türkiỳe, Germaniỳa, Angliỳa, Müsür we Özbegistanda çap edilen bir
näçe gazet we źurnalda goşgy, makala, oçerk, hat, reportaź, terjime goşgy we
terjime ýagzylary çap edildi. Dürli baýdaklara mynasyp boldy. Kırağı goşgy
źurnalynyn Stambul wekilligini ýerine ýetirdi (1995-97). Endülüs źurnalynyň
redaksiýon guramasynda ýer aldy (1997-98).
“Daglarda Yer Yok” (Osmaniye, 1997),
“Yetim Galan Goşgular” (Stambul, 2001), “Yuragimning Ko'zyoshi” (Yüregimiň Göz
ýaşy, Özbekçe saylanan goşgular, Daşkent, 2001) we “Özlem Sularında” (Saylanan
goşgular, e-kitap, 2004, Morrisville, 2005) adly goşgy kitaplary, goşgy we
terjime goşgularyndan ybarat bolan “Kanayan Coğrafyadan Damlayan” (Morrisville,
2006) we Richard Mildstone bilen bilälikde taýýarladygy “Poems of the Night”
(Morrisville, 2005) adly goşgy antologiỳasy çap edildi. Munyň daşynda, tehniki
pudakda taýýarlanan “Production and Utilization of Biogas” - "Biogaz
Öndürilmegi we Ulanyşy ", (Taslama, Stambul, 1987, Morrisville, 2005) we
“Dual Sanlaryn Robot Kinematiki we Dinamikasynda Ulanyşy” (dissertasiya,
Stambul, 1991, Namangan, 2005) adly tehniki eserleri bardyr.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder